2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 25-26-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyna bolan iş saparyna bagyşlanyp, “Dost-doganlyk gatnaşyklary ýokary derejede ösdürilýär” atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler ýokary derejedäki duşuşyk iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna daýanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň ýolunda möhüm wakadyr diýip bellediler. Çykyşlarda taraplaryň hoşniýetli erk-islegi, bar bolan ägirt uly kuwwaty köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mazmunyny baýlaşdyrmak, ony häzirki döwrüň taraplaryna laýyklykda, hil taýdan täze derejä çykarmak üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýär, şeýle-de ol taryhy taýdan umumy medeniýeti we ruhy däpleri bolan türkmen hem-de türk halklarynyň mizemez dost-doganlyk gatnaşyklary bilen berkidilen netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berer diýlip yzygiderli bellenildi. Türkmen hem-de türk halklarynyň taryhy taýdan ýakynlygy, ýürekdeşligi bu gün döwletara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmäge, däp bolan gatnaşyklaryň täze gözýetimlerini açmaga ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.