Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň wekili GDA-nyň döredijilik forumyna gatnaşdy

Gyrgyzystan Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVI forumy geçirildi. «Medeniýetleriň özara täsiri arkaly arkalaşyga we parahatçylyga tarap» atly mowzukda guralan forum Arkalaşyga agza ýurtlaryň ylmy we döredijilik edaralarynyň görnükli wekillerini bir ýere jemledi. Şeýle-de görnükli wekilleriň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işleri boýunça prorektory, sungaty öwreniş ylymlaryň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradow hem gatnaşdy. Bu çärä Türkmenistandan hem wekiliýetiň gatnaşmagy ýurdumyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletler bilen medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm