Türkmen suratkeşleri Daşkent biennalesinde milli sungatymyz hakynda çykyş etdiler
2023-nji ýylyň 16-20-nji oktýabrda Özbegistanyň paýtagtynda amaly sungat boýunça IV Daşkent halkara biennalesi geçirilýär. Onuň çäklerinde 18-nji oktýabrda onlaýn tertibinde guralan «Amaly sungatyň pannoramasy: däp-dessurlar we sungat bazary» atly ylmy-tejribe maslahatynda Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniji Maýa Jumaniýazowa hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň müdiri Aýjan Kadyrowa foruma öz ähmiýetli çykyşlary bilen gatnaşdylar, nutuklary ylmy ýygyndysynda çap edildi we şahadatnama bilen sylaglandylar.