Hoşallyk maslahaty
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi.
Olardan “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Önümçiligi gurmak bölüminiň baş hünärmeni-suratkeşi Amanmyrat Gulberdiýewiň “Türkmen alabaýy” atly haly eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Bägül Artykowanyň “Türkmeniň guwanjy – asyrlaryň buýsanjy” atly surat eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Selbi Jumadurdyýewanyň “Wepaly maşgala” atly heýkel eseri, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň surat dizaýneri Maýsa Ataberdiýewanyň “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” atly žurnalynyň bezeg işleri, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň önümçilik bölüminiň çeper filmleriň ýokary derejeli goýujy-kinooperatory Döwletgeldi Hudaýberdiýewiň “Wepadar” atly wideo şekili üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan baýraklar we şahadatnamalar gowşuryldy.
Ogulsona Öwezmyradowa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby