“Jana şypaly melhem” atly maslahat geçirildi

       2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XV tomunyň neşir edilmegi mynasybetli “Jana şypaly melhem” atly maslahat geçirildi.
       Maslahatda çykyş edenler saglyk ynsanyň baş baýlygydyr, ynsan saglygyny berkitmekde tebigatyň  gymmatly baýlyk bolup durýandygyny aýratyn bellediler. Esasan hem türkmen tebigatynyň ösümlikleri ynsan saglygyna has-da oňat täsir edýär. Onuň üçin hem ösümlik dünýäsiniň ylmy esasda öwrenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Neşirde dermanlyk ösümlikleri lukmançylyk ylmynda, halk tebipçiliginde ulanmagyň mümkinçilikleri-de giňişleýin beýan edilýär. 
Maslahatyň dowamynda alym Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jilitli ylmy-ensiklopedik eseriniň lukmançylyk hünär ugurlary boýunça okaýan talyplary türkmen tebigatynyň ajaýyplyklary bilen içgin tanyşdyryp, ýaşlara kämil bilim bermekde, ylma ugrukdyrmakda ýakyn gollanma bolup durýandygy aýratyn bellenilip, şeýle-de ynsanlaryň sagdyn durmuşda ýaşamak üçin peýdaly mekdep bolup durýandygyny aýtdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm