Türkmen alabaýy şekillendiriş sungatynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň sungaty biziň halkymyzyň taryhynda kämil sahypany açýar. Türkmen halkynyň baý taryhy, gymmatly mirasy elbetde häzirki günümizde dünýä taryhynda hem öz mynasyp ornuny tapýar. Ýurdumyzda gymmatlyklarymyzy häzirki günde aýap saklamak, olaryň at-abraýyny dünýä ýaýratmakda uly işler alnyp barylýar. Ata-babalarymyzyň asyrlardan-asyrlara bäri döreden milli gymmatlyklarymyz bolan däp-dessurlarymyz, türkmen halylarymyz, ahalteke bedewlerimiz, türkmen alabaýlary barada Gahryman Arkadagymyz ajaýyp kitaplary ýazyp sowgat berilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň özüniň wepaly dosty hasaplaýan alabaý itleri milletimiziň at-abraýyny artdyryp gelipdir. “At – myrat”, “It geldi, gut geldi”, “Itim gutum” diýen myrat we bagt bilen baglanyşykly pähimler türkmenleriň bedewlerinde myradyny, alabaý itlerinde bolsa bagtyny görýändigini subut edýär. Çünki wepaly dosty we ynamdar syrdaşy hasaplap gelen bu ajaýyplygynyň gadymlygy, batyrlygy, duýgurlygy, edermenligi, akyllylygy bilen bir hatarda olaryň örän wepalydygyny, ynamdarlygyny, subut edýän köp maglumatlar häzirki döwürde has-da ýaşlara türkmen alabaýlaryna bolan söýgüni artdyrmakda uly itergi berýär.
Ýurdumyzda türkmen alabaýy bilen baglanyşykly maslahatlar, sergiler, olaryň gözellik bäsleşikleri we beýleki halkara çäreler hem-de ylmy işler yzygiderli geçirilýär. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesi türkmen alabaýynyň baýramy diýlip bellenilmegi hem munuň aýdyp subutnamasydyr. Bu baýramçylyk bilen baglanyşykly 2023-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda halypa mugallymlarynyň we zehinli talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Türkmen alabaýy – 2023” atly döredijilik eserleriniň sergisi açyldy. Sergide halypa mugallymlarymyzyň we talyp ýaşlarymyzyň ýerine ýetirmeginde sungatyň dürli görnüşlerinde türkmen alabaýlarynyň ynsana ýakyn dostlugyny, gaýduwsyzlygyny, akyllylygyny, özboluşly häsiýetini ussatlyk bilen wasp etdiler. Şeýle döredijilik bäsleşikli sergileriň yzygiderli geçirilmegi bolsa türkmen halkynyň gymmatlyklarynyň galyberse-de, sungatynyň medeniýetiniň has baýlaşmagyna giň ýol açýar.
Amangül Goçmyradowa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby