Halkara baýragy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy hem-de saýlap alan hünäriniň kämil ussady bolmagy ugrunda döwlet ähmiýetli işler üstünlikli dowam etdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda daşary döwletler bilen deň derejede milli sungatymyzy döwrebap görnüşde ösdürmek ugrunda halkara derejesinde onlaýn görnüşinde sergiler hem-de sungat bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Ýaňy-ýakynda Gyrgyzystan Respublikasynda Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň gurnamagynda “ýaşlaryň arasynda 17-nji delf oýunlary” atly bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Wepa Ýazmyradow gatnaşyp, halkymyzyň parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşyny, Türkmenistan döwletimiziň ösüşini, parahatçylyk söýüjilik ynsanperwer syýasatynyň dabaralanmasyny şöhlelendirýän ajaýyp eserlerini döretmegi başardy. Şeýle-de stilistik bitewüligi üçin diplom bilen sylaglandy.
Ussat mugallymlaryň biri bolan Zakirjan Babaýewiň halypalyk etmeginde, ýaş suratkeş şäherimiziň owadan künjeklerini, asuda Diýarymyzyň keşbini, belent daglaryny, şeýle-de türkmen Ahalteke bedewleriniň, türkmen alaýbaýynyň şekillerini erjellik we tutanýerlilik bilen şekile siňdirip, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän sergilere gatnaşyp dürli baýraklara mynasyp boldy.
Ýaş suratkeşiň bu gazanan üstünligi bilen gutlaýarys!
Akgözel Gurbanowa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby