ABŞ-da bolan döredijilik sapary

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabr – 6-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň öwreniji mugallymy Zakirjan Babaýew hem-de şol  kafedranyň 5-nji ýyl talyby Durdymuhammet Pirowow dagylar ABŞ-nyň Waşington we Nýu-Meksiko ştatynyň Santa-Fe şäherlerinde gurnalan ýaş suratkeşler üçin tejribelik saparynda boldular. 2023-nji ýylyň 28-nji sentýabrynyň birinji ýarymynda “Milli sungat” galereýasynda audioekskursiýasy geçirildi. Şol günüň ikinji ýarymynda “Milli sungat” galereýasynda “Filipp kolleksiýasyna” syýahat gurnaldy. 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda “Milli portret galereýasy” we “Amerikanyň sungaty” muzeýi bilen tanyşdylar. 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda ABŞ-nyň Waşington we Nýu-Meksiko ştatynyň Santa-Fe şäherine boldular. 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabrynyň birinji ýarymynda “Jorji O`Kif  muzeýinde” audioekskursiýasy geçirildi. Şol günüň ikinji ýarymynda Nýu-Meksiko çeperçilik muzeýine syýahat etdiler. 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynyň birinji ýarymynda ABŞ-ly suratkeş hanym Eými Erikson bilen bilelikde “Mark Lari şekillendiriş sungaty” galereýasy bilen ýakyndan tanyşdylar. 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynyň ikinji ýarymynda “Nedranyň” galereýasyna, şeýle-de birnäçe galereýada syýahatda boldular. 2023-nji ýylyň 3-nji oktýabrynyň birinji ýarymynda  Taos şäherine gitdiler. Günüň ikinji ýarymynda “PAPA” atly plener toparynyň agzasy, belli amerikan suratkeşi Kewin Makfersonyň ussahanasynda okuw sapagy boýunça tejribe alyşdylar. 2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Taos şäherinde ýaşap geçen suratkeş Nikolaý Feşiniň  öý muzeýine baryp, “PAPA” atly plener topary bilen açyk howada surat çekildiler we özara sorag-jogap alyşdylar. 2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda “PAPA” atly plener toparynyň agzasy Amerikan suratkeşi Krisa Mariellanyň ussahanasyna okuw sapagy boýunça tejribe alşyldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm