Şekillendiriş sungatynda taryhy şahsyýetleriň keşbi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu günki gün türkmen halkymyzyň her güni toý-baýrama, şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenip gelýär. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen ilimiz öz aýdyň ertirlerini, ýagty geljegini gurýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary astynda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinda  geçýän şu günki ajaýyp sergimize bagyşlanan dabaraly çäreler aýratyn many mazmuna eýedir. “Arkadag Serdarly Watanyň şöhratly Garaşsyzlyk!” atly şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, şeýle hem ýurdumyzyň suratkeşleriniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuna bagyşlanyp döreden eserleriniň sergisi özüniň täsinligi, döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde Garaşsyzlygymyzy arzuw eden Beýik Magtymguly Pyragynyň keşbini, türkmeniň milliligini wasp edýän şaý-sepler, küýzeler, türkmen halysy, türkmen atlary, alabaýynyň heýkelleri, tebigatymyzyň gözelliklerini wasp edýän nakgaşlyk eserleri synlamak bolýar. 
Sergide Agajan Rejepowyň “Bagta barýan ak ýol”, Begenç Annadurdyýewiň “Halkyň Arkadagly zamanasy”, Baýram Mämmiýewiň “Ak pata”, Rüstem Haýtmyradowyň “Erkin bedew” ýaly ajaýyp eserleri görmek bolýar. Bu eserlerde türkmeniň taryhy, halkyň durmuşynda bolup geçýän täzelikler, zähmet adamsynyň waspy beýan edilip, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, myhmansöýerligini, zähmetsöýerligini, mertligini, ynsanperwerligini, ajaýyp tebigatyny hem-de türkmen topragynyň ähli baýlyklary wasp edilýär. 
Ussat we ýaş suratkeşlerimiz Arkadag şäherimiziň gözel ýerlerini, ajaýyp tebigatyny, Arkadag binasyny, Akhan binasyny, suw çüwdürimleri, asuda asmanymyzyň, parahatçylygyň nyşanlary bolan ak kepderileriň keşbini görkezip  Garaşsyzlyk toýumyza öz sowgatlary bilen geldiler. 
Türkmeniň medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny, Watanymyzyň gözel tebigatynyň hem-de taryhy şahsyýetlerimiziň keşbini görkezmek bilen, türkmen suratkeşleri Garaşsyz Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň kämil ösüşini dabaralandyrýarlar.
Aýjan Kadyrowa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň müdiri

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm