Garaşsyz döwletimiziň ösüşleri şekillendiriş sungatynda

2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda “Garaşsyz, döwletimiziň ösüşleri şekillendiriş sungatynda” atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler “Garaşsyzlyk – bu biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. Garaşsyzlyk  döwründe döredilen beýik işler-geljek üçin buýsançly taryhdyr” diýip bellediler. 
Garaşsyzlyk – belent maksatlaryň, üstünlikleriň ýoly. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary-ýogy 32 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Asmanyň asudalygy, gündizleriň we gijeleriň parahat geçýänligi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň “Döwlet – adam üçindir”, “Watan diňe halky bilen watandyr” diýen şygarynyň doly derejede durmuşa ornaşdyrylýandygyny buýsançly gürrüň berdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň sungatyny ösdürmekde we ony döwrebap düşünjeler bilen baýlaşdyrmakda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlyk derejesiniň ähmiýeti uludyr. Çuň many-mazmuna beslenen ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, bilim, saglyk, ylmy-tehnologik binýady yzygiderli berkemegi ugrunda milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözerini aýtdylar. 

Ogulsona Öwezmyradowa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm