Millilige ýugrulan sungat
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýaş nesilleriň eşretli hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmaklaryna, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeklerine giň ýol açylýar. Diýarymyzda diňe bir ykdysadyýetiň dürli pudaklary bilen birlikde türkmen medeniýetine hem-de sungatyna uly üns berilýär.
2023-nji ýylyň 14–18-nji sentýabr aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türki döwletleriň ýaş suratkeşleriniň arasynda yglan edilen “Türki dünýäsi ýaş suratkeşleriň gözi bilen” atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna ýurdumyzyň ýaş suratkeşleri Ogulsenem Orazmämmedowa, Dürbike Ahmedowa, Mähri Toýmyradowa we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa iş saparynda boldular. 15-nji sentýabrynda Ankara şäherindäki TÜRKSOÝ halkara guramasynyň baş binasynda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň ýaş suratkeşleriniň sergisi gurnaldy, ýeňiji ýaşlar bolsa diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy. “Türki dünýäsi ýaş suratkeşleriň gözi bilen” atly albomynda halkara bäsleşigine gatnaşan ýetginjek suratkeşleriň çeken eserleri jemlenmegi türki halklarynyň medeniýetini, sungatyny gorap saklamakda we dünýä ýaýmakda uly ähmiýeti bar.
Türkiýe Respublikasynda bolan saparynyň dowamynda ýaşlaryň Ankara we Stambul şäherleriniň iň gözel ýerlerinde, taryhy ýadygärliklerinde we muzeýlerinde edilen gezelençleri türki halklarynyň çeperçilik medeniýeti we şekillendiriş sungaty bilen içgin tanyşmaga giň mümkinçilikler döretdi.
Şirin Öwezowa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby