“Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň sentýabr aýynyň dowamynda ýokary okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň arasynda tertip-düzgün, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek, kanunbozulmalaryň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrimiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda talyp ýaşlara jemgyýetçilik we köpçülikleýin ýerlerde degişli düzgün-tertipleri we köçe-ýol hereketininiň düzgünlerini pugta berjaý etmekligi, ýaramaz endiklerden daşda durmaklary, ýagny alkogolly içgileri, neşe serişdeleri, psihotrop, temmäki we beýleki zäherleýji maddalary ulanmazlyklary, ilatyň saglygyna ýaramaz täsir edýän jenaýatçylykly işlerden daşda durup has-da hüşgär bolmaklary barada nygtadylar.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm