BMG-niň Ösüş Maksatnamasy onlaýn görnüşde halkara maslahat.

Ýurdumyzda “Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda Hereketler Meýilnamasynda” görkezilen wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalary bilen bilelikde “Ýokary tehnologiýalar hepdeligi” guramaçylykly geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda 2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýlar  uniwersiteti onlaýn görnüşde halkara maslahatyny geçirdi. 
Onlaýn görnüşde geçirilen maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty, okgunly ösýän ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, dünýä bileleşiginde uly abraýdan peýdalanýan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurmak ugrunda amala aşyrylýan ägirt uly işler barada çykyşlar ýerine ýetirildi. Şeýle-de kompýuterde işlemegiň kämilleşdirilmegi bilen bagly döredilen ajaýyp şertler, häzirki wagtda ýaş hünärmenleriň dürli ulgamlardan düýpli bilim almagyň, şol sanda innowasiýa tehnologiýalaryndan kämil baş çykarmagyň talap edilýär. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýändigini aýratyn belläp, hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýdyp, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri üçin hormatly Prezidentimize jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm