“Nakgaşçylyk” eserleriniň sergisi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge uly üns berilmegi bilen bu ugurda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda gadymyýetden gözbaşyny alyp gaýdýan milli medeniýetimiz, baý sungatymyz uly depginde ösdürilýär. 
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergi merkezinde “Kalbyň reňkli owazlary” atly Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hereket edýän “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Nakgaşçylyk” kafedrasynda hyjuwly zähmet çekýän mugallymlaryň toparlaýyn sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara ýurdumyzyň ähli künjeginde zähmet çekýän suratkeşleriň ençemesi, teatr sungatynyň ussatlary, çeperçilik akademiýasynda hem-de Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň birnäçesi geldiler. 
Toparlaýyn döredijilik serginiň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Çünki, Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň Sergi merkezinde görkezilýän sungat eserleri Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem-de Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlaryň dykgatyna gönükdirildi. Sebäbi, şekillendiriş sungaty ugrundan bilim alýan täze nesliň her birinde hünärine bolan belent hormatynyň bolmagyny gazanmak mugallymlaryň baş maksady boldy.
Bu sergide 21 sany nakgaşlaryň eserleri görkezildi. Gatnaşan suratkeşleriň arasynda şekillendiriş sungatynda ençeme şägirtleri terbiýeläp ýetişdiren ussat halypa Annadurdy Almämmedow hem bar. Tutuş ömrüni sungata bagyş eden halypanyň häzirem kalby hünärime bolan  söýgüm egsilmezdir diýip belleýär. Ol öz mekdebini döretdi. Şeýle-de halypalyk derejesini arka atan ençeme ussat mugallymlar we bularyň arasynda iň kiçi ýaşly suratkeşler hem öz döredijiligini aýan etdiler. Netijede nakgaşçylygyň bitewiligi emele geldi. Bitewi pikir türkmen nakgaşçylyk mekdebiniň dowam etmegini görkezýär.
Suratkeşleriň eserleriniň mazmun ideýasynda häzirki wagtda gözýetiminiň giňemeginde ussatlaryň öňde goýan maksatlary amala aşdy. Bu hem nakgaş suratkeşleriň ilkinji başlangyjydyr. Bu başlangyja döredijilik  serginiň aýratyn tapawutly ähmiýeti diýip düşünýäris. Türkmen tebigatynyň keşbi suratkeşleriň döredijiliginde dürlüçe şekillendirilýär. Suratkeşleriň eserleri biri-birine meňzemeýär. Meselem biz islendik suratkeşiň döredijiliginde türkmen tebigatyny görýäris. Tebigatyň keşbi eserlerde dürlüçe ýazylýar. Suratkeş tebigaty suratlandyranda öz täsirini tebigatyna siňdirýär. Şonuň üçin eserleri biri-birinden doly tapawutlandyryp bolýar.
Serginiň adyndan belli bolşy ýaly olaryň reňk tagçasy dürli-dürli. Hersiniň reňkleri kabul ediş häsiýetiniň aýratynlygyndadyr. Dürliçe reňkleriň kömegi bilen suratkeşler milli gymmatlyklarymyzy, taryhymyzy, ýaşaýyş medeniýetimizi çuňňur many-mazmun bilen beýan edýärler. Eserlerde durmuşyň gözelligi has inçeden duýulýar. Bu sergi geljekki badalga bolup çykyş edýär.

Bilbil Çaryýewa,  
                                                                Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik 
                                                                 akademiýasynyň uly ylmy işgäri 

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm