Arkadag şäherine syýahat
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek barada edýän ýadawsyz aladalarynyň, netijesinde gözel diýarymyzda ýokary üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegi babatda uly işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň goldamagynda we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda biz ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Muňa bolsa gysga wagtda bina edilen köpetdagyň gözel künjeginde ak binalary lowurdap duran Arkadag şäheri we ondaky gurlup ulanylmaga berilýän ýokary okuw mekdepleri aýdyň şaýatlyk edýär. Mähriban diýarymyzda adamlaryň bagtyýar ýaşaýşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde saglyk öýlerini we sport mekdepleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi bolsa muňa nusga bolup durýar. Arkadag şäheriniň ýeten belent sepgitlerini biz Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary bolup öz döredijilikli sungat eserlerimiziň üsti bilen halk köpçüligine ýaýmak bu günki günde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlary Arkadag şäheriniň gözel pursatlaryny öz döredijiliklerinde şekillendirmek maksady bilen ajaýyp şähere syýahata geldiler. Talyp deň-duşlarymyzyň her biri hünär aýratynlyklary boýunça bu ajaýyp şäheriň gözel görküni özleriniň sungat eserlerinde wasp etdiler. “Arkadag” binasyny, Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasyny, şeýle-de Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýini hem-de tebigatyň gözel ýerlerini ussatlyk bilen şekile siňdirdiler.
Özüniň ajaýyp sazlaşygy bilen haýrana goýýan Arkadag şäheri zehinli talyplar mugallymlaryň halypalyk etmeginde nakgaşçylyk, heýkeltaraşçylyk şeýle-de grafika eserlerinde waspy edildi. Arkadag binasynyň gözel keşbini talyp ýaşlary galamda, reňkde we heýkellerde ussatlyk bilen döredijilik eserleriň waspyny ýerine ýetirdiler. Bu binanyň çeper keşbi biz talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýaňy ýakynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 1-nji sentýabr güni biz ýaşlar üçin durmuşymyzda ýatdan çykmajak taryhy sene boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada umumy sapak geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň geçiren umumy sapagynda türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary, ýaşlaryň öňlerinde durýan wezipeleri barada gymmatly maslahatlaryny berdi. Okuw sapagynyň dowamynda döredilen Arkadag şäherini gurmakda Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň hem-de Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň işjeň gatnaşandygyny aýratyn belläp geçdi. Hormatly Arkadagymyzyň aýdan minnetdarlyk sözleri talyp ýaşlaryň başlaryny göge göterdi.
Amangül Goçmyradowa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
3-nji ýyl talyby