Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda geçirildi
Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýaş hünärmenleri taýýarlamak esasy meseleleriň biri hökmünde garalýar. Bilim berk binýatly bina bolup, ylym-bilim umumy adamzat gymmatlygydyr.
2023-nji ýylymyzyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagynyň özünde aýratyn many bar. Çünki Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz her bir işde ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşlar – gujurly we dörediji kämilligiň binýadyny gurujylar, geljegiň eýeleri hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyz: “Türkmenistanyň beýik geljegi ýaşlarymyzyň bagtyýarlygy we kadaly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwatly, abraý – mertebesi hem-de beýik geljegidir” diýmek bilen ýaşlara aýratyn bil baglaýar.
Her ýylda bolşy ýaly bu gün hem ýurdumyzyň ähli künjeginde şol sanda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň baş binasynyň öňünde “Bilimler we talyp ýaşlar güni” dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Bu dabarada sungat ojagyna gadam basan 1-nji ýyllyk talyplarymyzyň çykyşlary ýerine ýetirildi.
Ýaş zehinleriň çykyşlarynda talyplar toparynyň ýerine ýetirmeginde edebi çeper kompozisiýanyň täsiri has-da ýokary boldy. Soňra döwrümiziň ösüşlerini wasp edýän goşgy setirleri beýan edildi. Dabarada Türkmenistanyň hormatly il –ýaşulusy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymy Saragt Babaýewe uly hormat bilen söz berildi. Ussat halypa talyp ýaşlary hem-de mugallymlary “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli gutlag sözlerini aýdyp, talyplara okuwlarynda üstünlik gazanmaklaryny we saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolmaklaryny arzuw etdi. Şatlyk şowhuna beslenen dabara aýdym sazly çykyşlar bilen dowam etdi. 1-nji sentýabr güni Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň bilimlerine hem-de uly açyşlaryna ýagty ýoluna ak pata berdi.
Amangül Goçmyradowa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
3-nji ýyl talyby