Bagtyýar ýaşlygyň ýakymly günleri

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde okuw we ylym, döredijilik we jemgyýetçilik işleri boýunça yzygiderli bäsleşikler geçirilýär. 
Olaryň biri-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen “Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp” atly döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby Hallyýew Selim hormat haty bilen sylaglandy.
Şol sanda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda her aýyň dowamynda döredijilik işlerine ýokary netijeli gatnaşanmak ugrunda fakultetleriň, kafedralaryň, mugallymlaryň we talyplaryň arasynda bäsleşik geçirilýär. Ine maý aýynda aýyň fakulteti “Amaly-haşam sungaty” fakulteti, aýyň kafedrasy “Sungaty öwreniş” kafedrasy, aýyň mugallymy “Binagärlik” kafedrasynyň ýaş mugallymy Ismaýilow Sanjarbek, aýyň talyby “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby Atajanow Atajan mynasyp boldy.
2023-nji ýylyň maý aýynyň 10-na Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça geçiren onlaýn bäsleşiginde “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Berdiýew Seýrangeldi 3-nji derejeli diplom bilen sylaglandy.

2023-nji ýylyň maý aýynyň 19-na Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça Halkara Açyk internet olimpiadasynda “Binagärlik” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Öwezmyradowa Aziza 3-nji derejeli diplom bilen sylaglandy.
2023-nji ýylyň 31-nji maýynda Tehnologiýalar merkezinde Bilim ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde gurnamagynda ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda “Mahabat üstünliginiň açary” atly festiwalynyň çäginde geçirilen bäsleşigine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Gylyjowa Selbi gatnaşyp, diplom bilen sylaglandy.
Umuman, täze döwürde gazanylan bu üstünlikler bilen bagtyýar talyp ýaşlary ýürekden gutlaýarys!
Ogulsona Öwezmyradowa
Türkmenistranyň Dwölet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby

 

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm