“Kanunbozulmalaryň öňüni almak, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini, ýaýbaňlandyrmak”

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2023-nji ýylyň maý aýynyň 27-ine Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Kämillik ýaşyna ýetmedikler we Ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory Allamyrat Amandurdyýewiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Döwran Amanmyradowyň,  Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Maksat Çaryýewiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Batyr Berkeliýewiň gatnaşmaklarynda mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda “Kanunbozulmalaryň öňüni almak, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini, ýaýbaňlandyrmak” maksady bilen  terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 
Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň sagdyn jemgyýeti kemala getirmek babatda durmuşa geçirýän özgertmeleri, ýurdumyzda kanunbozulmalaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler, talyp ýaşlar bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň ähmiýeti, kanunbozulmalaryň öňüni almak, ýaş nesilde watansöýüjilik, ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ynsaplylyk, janypkeşlik, adamkärçilik ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýelemek, ruhy-ahlak we maşgala gymmatlyklary, şeýle-de, ýaşlaryň jemgyýetçilik ýerlerinde özlerini alyp barmagyň kada-kanunlary, ýurdumyzyň şaýollarynda, köçelerinde ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna we milli ýörelgelerine eýermek, internet ulgamyndan ylym-bilim bilen baglanyşykly maksatlaýyn peýdalanmak ýaly meseleler dogrusynda nygtap geçdiler. 

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm