Daşlara siňen Pyragy
Watanymyzyň ösüşlere beslenýän döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen sungaty, medeniýeti, taryhy ösüşiň täze basgançaklaryna göterildi. Halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, şekillendiriş sungatyny, şeýle-de ruhy-medeni mirasymyzyň ähli ugurlaryny içgin tanyş bolup öwrenmeklik jemgyýetde esasy mesele hökmünde garalýar.
Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy türkmen klassyky edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahsyýet hökmünde bu günde onuň dabarasy dag aşýar.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýol kartasy esasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň alyp barmaly meýilnamasy boýunça Magtymguly Pyragynyň seýilgähine “Daşlara siňen Pyragy” atly okuw gezelenji gurnaldy. Bu gezelençde ussat şahyryň ajaýyp heýkel monumentini Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlary dana Pyragynyň keşbini nakgaşçylyk eserlerinde waspyny ýetirdiler. Şeýle-de halypa mugallymlar talyp ýaşlara nusgawy şahyr Magtymguly Pyragy barada gyzykly maglumatlary, onuň ajaýyp goşgulary barada talyplara beýan etdiler. Daşky tebigatyň owadanlygy bilen sazlaşýan beýik akyldar şahyryň daşlara siňdirilen ajaýyp heýkel monumenti görenleri haýrana goýdy.
Amangül Goçmyradowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby