“Türkmen-Täjik dostlugy” atly hoşallyk maslahaty geçirildi
Şu ýylyň 10-11-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
Täjigistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary dostluk,
hoşniýetlilik we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze
sahypany açdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow parahatsöýüjilikli
daşary syýasatyny alyp barýar. Bu saparyň çäklerinde hem türkmen-täjik
gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna we iki ýurda hem bähbitli birnäçe
ylalaşyklara gol çekildi. Öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan
türkmen-täjik dost-doganlyk gatnaşyklarynyň geriminiň has-da giňemegine we
mundan beýläk-de pugtalanmagyna bu
döwlet sapary giň ýollar açdy. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar”
ýylynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda “Türkmen-Täjik dostlugy” atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parahatsöýüjilikli
daşary, ynsanperwer içeri syýasaty, milli sungatymyzda dost-doganlygyň çeper
beýany, berkarar döwletimizde dostluk gatnaşyklaryna halkara derejesinde
ýaýbaňlandyrylýanlygyna aýratyn üns berdiler.