El hünäriň ýörelge, ulus – ile görelde
Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz aýdyň ýol bilen belentliklerden-belentliklere barýar. Arkadagly Serdarymyz ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek we olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak, olaryň tebigy zehinini, ukyplaryny ýüze çykarmak, Türkmenistanyň milli mirasyny, milli el işleri we senetçilik bilen meşgullanmaklary üçin uly işler durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň pederlerimiziň mizemez ýörelgelerine sarpa goýmak, her kimiň özüne laýyk hünäriniň bolmagyny “Ömrümiň manysy” atly ylham çeşmesinde beýan edişi ýaly “Gyzjagazyň eline iňňe-sapak ber, oglanjygyň eline pil ber” diýen paýhasly jümläni öwüt-ündew etmek we durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we Kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda 2023-nji ýylyň maý aýynyň 10-na Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda “El hünäriň ýörelge, ulus-ile görelde” atly hünär bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary we sowgatlary bilen sylaglandylar.