Ykbala baglanan sungat

2023-nji ýylyň maý aýynyň 3-ne Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde “Ykbala baglanan sungat” atly sergisi açyldy. Bu sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Gülbahar Amangulyýewa we Baýrammyrat Annagulyýewiň keramika eserleri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Aýna Annagulyýewanyň zergärçilik şäý-sepleri we Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň uçurymy Jennet Annagulyýewanyň akwarelde ýerine ýetiren eserleri görkezildi. Eserlerde milli gymmatlyklar, tebigatyň gözellikleri, taryhy tapyndylar we gelin-gyzlaryň keşpleri täsin taslama çözgüdinde beýan edilýär.   

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm