Dabaraly duşuşuk
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Aşgabat şäher geňeşiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde gurnamagynda “Türkmen bedewiniň baýramy” mynasybetli ýetip gelýän “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuny” dabaraly bellemek boýunça Türkmenistanyň Döwlet çepeçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda döredijilikli aýdym-sazly dabara uludan geçirildi. Bu dabaranyň çäginde türkmen bedewiniň hem-de Magtymguly Pyragynyň keşbini şekillendiriş sungat eserlerinde ýerine ýetirilen zehinli talyp ýaşlaryň ajaýyp sergilenen işleri tomaşaçylara uly gyzyklanma döretdi.