Gözel bardyr gözellerden zyýada

2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda türkmen halkynyň süňňüne siňen gadymyýetden şu güne çenli mukaddeslik hökmünde getiren medeni mirasy belent derejede sarpalanýar. Şol milliligimizi bagtyýar nesillerimize ýetirmekde, sarpa goýmakda, ony gorap saklamakda möhüm başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Hut şu maksat bilen Türkmenistanyň medeniýet ministrligi  tarapyndan geçirilen “Gözel bardyr gözellerden zyýada” atly bäsleşigi hem ýokary guramaçylykly geçirildi. Gelin-gyzlaryň arasynda geçirilen bu bäsleşik üç ugur boýunça ýaşlaryň ukyp başarnyklaryny açyp görkezdi. 
Bu bäsleşige Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Grafika” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Garaýewa Güljahan gatnaşyp diplom bilen “Binagärlik” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Amangylyjowa Ogulmaral bolsa hormat haty bilen sylaglaglandylar.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm