“Türkmen bedewi gözelligiň nusgasy” atly dabara
Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Türkmen bedewi gözelligiň nusgasy” atly döredijilik bäsleşiginiň dabarasy geçirildi. Döredijilik bäsleşigine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary ahalteke bedewleriniň waspy ýetirilen şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleri bilen gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolan mugallymlara we talyplara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň baýraklary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.