“Bagtyýar ýaşlar” atly serginiň döredijilik maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Nakgaşlyk we taslama” kafedrasynyň 6-njy ýyl talyplary Merdan Babajanow hem-de Maksatmyrat Kanyýewiň “Bagtyýar ýaşlar” ady bilen 2023-nji ýylyň 15-nji martynda açylan serginiň jemleýji döredijilik maslahaty geçirildi. Bu maslahatda halypa mugallymlar işjeň gatnaşyp, eserleriň galdyran täsiri barada öz pikirlerini aýtdylar we birnäçe peýdaly maslahatlar berdiler. Serginiň ýapylyş dabarasy örän gyzgalaňly ýagdaýda geçdi. Bu maslahata Türkmenistanyň halk suratkeşi, Bäşim Nuraly adyndaky baýragynyň eýesi Rejepmuhammet Berdiýew hem gatnaşdy. Halypa suratkeş Merdan Babajanow we Maksatmyrat Kanyýewe üstünlikler arzuw edip, ýaşlara berjek maslahatlaryny öz goşgy setirleri bilen beýan etdi.

Dag daşyny ýaryp çykan çeşme deý,

Gaýnap çykda zehiniňi halka seç.

– diýip bellemek bilen halypa suratkeşimiz ýaşlara zehinlerini halk köpçüligine açyp görkezmegi tabşyrýan ruhlandyryjy sözleri bilen jemledi we durmuşda hem-de sungat ýolunda olara uly üstünlikleri arzuw etdi. 


Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm