GUJURLY ÝAŞLARYŇ ÜSTÜNLIKLERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli pudaklar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamy uly ösüşlere beslenýär. Çünki ylym-bilim ynsanyň bagta sary alyp barýan ýoly bolup, ömrüniň röwşen şuglasynyň çyragydyr. Hut şonuň üçin hem Watanymyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, kämil tehnologiýalardan baş çykarýan şeýle-de hünär derejesiniň ýokary bolmagy ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda: “Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir”  diýip belleýär.  
  Arkadagly Serdarymyz ýaşlara eziz Watanymyzyň at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýän gurujylar hökmünde uly ynam bildirýär. Türkmen ýaşlarynyň baş maksady bolsa okamak, öwrenmek, zähmet çekmek bolup, Arkadagly Serdarymyzyň özlerine bildirýän beýik ynamyny ödemekden ybaratdyr.
Häzirki günde ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn aladasy ýaşlary täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. 
2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dürli hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň öz zehinlerini açyp görkezmekde döredijilige beslenen üstünlikli ýyl boldy. Talyp ýaşlarymyz täze döwrebap taslama eserleri bilen  ýurdumyzyň binagärlik keşbiniň ösüşine uly goşant goşýarlar. Muny bellemek bilen ýurdumyzda gurluşygy dowam etdirilýän Arkadag şäheriniň dizaýn bezeg işlerine ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary hem özleriniň döredijilik işleri bilen gatnaşyp, binagärlik kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Goçmämmet Çüriýewe Arkadag şäheriniň binalarynyň çeper dizaýn ýazgysynyň taslamasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanmagy buýsandyryjydyr. 
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň birnäçesi halkara onlaýn ders we döredijilik bäsleşiklerinde, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky geçirilen ders bäsleşiklerinde hem-de ýakynda  “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly binagärlik-taslama sergisinde ýokary netijeleri gazandylar. Şu mynasybetli 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 1-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Gujurly ýaşlaryň üstünlikleri” atly dabaraly çäre geçirildi. Ýylyň başyndan bäri üstünlik gazanyp ýokary netije görkezen talyp ýaşlarymyza  halypa mugallymlarymyzyň gutlaglary ýetirildi. “Gujurly ýaşlaryň üstünlikleri” atly dabaraly çäräniň dowamynda talyp ýaşlarymyza diplomlar gowşuryldy. Talyp ýaşlarymyzyň diplomlar bilen sylaglanmagy ýaşlary döredijilik üstünliklerine ruhlandyrdy.  
Berkarar döwleti bina edip, ýaşlary ýagty ertirlere ynam bilen alyp barýan, Watanymyzyň ösüşlerinde ýaşlara uly bil baglaýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
                                                              
  Bilbil Çaryýewa,  
                                                                Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik 
                                                                 akademiýasynyň uly ylmy işgäri 

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm