Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky medeniýet günleri Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlandy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsine aýratyn sarpa goýulýar. Häzirki günde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, dünýäniň ösen döwletlerinde ýokary derejede çäreler yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. 2023-nji ýylyň 29-31-nji martynda Koreýa Respublikasynyň Seul we Yýjoň-bu şäherlerinde geçirilen Türkmenistanyň medeniýet günleriniň çäginde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahaty hem-de döredijilik sergisi aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Koreýa Respublikasynda dabaralandyrylan bu ajaýyp çärede Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Azat Alihanow ylmy döredijilik saparynda boldy. 2023-nji ýylyň 29-njy martynda Koreýanyň Seul şäherinde ýerleşýän Söwda senagat edarasynyň binasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahaty we sergisi, şeýle-de 30-njy martynda Hankuk uniwersitetiniň binasynda geçirilen türkmeniň milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi bu ajaýyp taryhy senäniň gymmatyny artdyrdy. Bu ajaýyp çärede sergilenen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dürli hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň beýik şahyryň döredijiligine bagyşlanan sungat eserleri sergä gelen ýerli ilatyň ünsüni özüne çekdi. Uly mugallym Azat Alihanow döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim berilýän hünärleriň her biri barada maglumat bermek bilen, häzirki günde beýik dana Pyragynyň döredijiligine aýratyn hormat goýlup, ussat halypalaryň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň ýyllyk hem-de diplom işlerinde Magtymgula bagyşlanan sungat eserleriniň döremegi bilen bagly alnyp barylýan döredijilikli işleri dogrusynda belläp geçdi. Şonuň bilen birlikde taryhy senäniň gymmatyny artdyran şol ýerde sergilenen her bir döredijilik işleriniň mazmunyny giňişleýin halk köpçüligine ýetirdi. Talyp ýaşlarymyzyň döredijilik ylhamyndan emele gelen bu ajaýyp eserlerden ruhlanan dostluk halkynyň buýsançly pikirleri beýan edildi. Şeýle-de serginiň dowamynda sungat döredijilik işleri bilen baglanyşykly yzygiderli sorag-jogap alyşyldy.
Türkmenistan Watanymyz dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň hem-de ynsanperwerligiň mekany hökmünde tanalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Koreýa Respublikasynyň Seul we Yýjoň-bu şäherlerinde Türkmenistanyň medeniýet günleriniň geçirilmegi halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň subutnamasydyr.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň uly ylmy işgäri