“Beýik şahyr we zergärçilik sungaty” atly okuw sapagy geçirildi

Berkarar döwletimizde dana Pyragynyň şygryýet älemine parasatly garaýyşlaryna türkmen halkymyz uly hormat goýýar. Magtymguly Pyragy öz döwrüniň hasradyny, deňsizligi, döwletsizligi, ynsana mahsus ahlak sypatlaryny öz dürdäne setirleriniň üsti bilen beýan edýär. Bu görkezijileriň bir döwletli bolmak, agzybirlik, ynsanlary akyl paýhasa gulluk etmäge çagyrýar. Şahyryň “Türkmeniň”, “Türkmen binasy” we başga-da goşgularynda watançylyk duýgusyny ör boýuna galdyrýar. Magtymguly Pyragy diňe bir döredijilik bilen meşgullanman, eýsem, ussat zergär hem bolupdyr. Şahyryň:                              
                                 “Meňli gyzyň ýüzügine, 
                                 “Gaşlar goýsam kümüş bile” 
diýen setirleri ussadyň zergärçilik sungatyny sarpalandygyna güwä geçýär.  Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşleri boýunça ýaşlara bilim berilýär. Amaly-haşam sungatynyň zergärçilik hünärinden bilim alýan talyplara  ýaş mugallym Şirin Gylyjowa “Beýik şahyr we zergärçilik sungaty” atly okuw sapagyny geçirdi. Ol Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde ýerleşdirilen Magtymguly Pyraga bagyşlanan sergi barada talyplara giňişleýin maglumat berdi. Şeýle-de, zergärçilik sungatynyň gadymy usullary we ilkinji zergärçilk işleri barada mugallym talyplara düýpli düşündiriş berdi. Zergärçilik hünäri boýunça geçirilen bu okuw sapagy ýaş talyplary täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrdy. 

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm