Bagtyýar ýaşlaryň döredijilik gadamlary
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda, Berkarar döwletiň özgertmeler
döwründe ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly dünýä ylmyna çuňňur aralaşýan nesiller
hökmünde kemala getirmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garalýar.
Ýurdumyzyň çeperçilik sungatyny ösdürmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler
nepis sungat eserleriniň döremegine itergi berýär. Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary sungatyň dürli görnüşleriniň inçe
syrlaryny ýaş talyplara uly höwes bilen öwredýärler.
Duýguçyl ynsanlar islendik zatdan lezzet alyp, reňkleriň üsti bilen,
toprakdan öndürilen heýkeljikleriň, käbir çig mallardan islendik döredijilik
eserleri el bilen döredilip, ynsan ruhyny, gözlerini dokundyrýar. Ýaş
suratkeşlerimiziň halypa mugallymalarymyz sungat eserleriniň sergileri hem
yzygiderli halk köpçüligine hödürleýärler. Öz eserleriňi halk köpçüligine
ýetirip sergi gurnamak beýlede aňsat däldir. Talyp bolup sergi gurnamak bolsa,
uly ussatlygy talap edýär.
Şeýle sergileriň biri-de 2023-nji ýylyň mart aýynyň 15-ne Türkmenistanyň
Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler
jaýynda “Bagtyýar ýaşlar” ady
bilen açyldy. Bu sergide Türkmenistanyň
Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Nakgaşlyk
we taslama” kafedrasynyň 6-njy ýyl talyplary Merdan Babajanow hem-de
Maksatmyrat Kanyýewiň döreden nepis nakgaş eserleri halk köpçüligine hödürlendi.
Ýaş suratkeşlerimiz sungat ýoluna çagalyk
döwründen girişip başlap, bu ýoluny höwes bilen dowam edýärler. Höwes bolan
ýerinde hökman başarnyk hem bardyr. “Umytly guş Käbä ýetmiş” diýlişi ýaly,
öz talyp deň-duşlaryndan saýlanyp,
ussatlyk bilen ýerine ýetirilen eserlerini sergide görkezdiler. Ussat ýaş,
talyp suratkeşlerimiziň hersiniň özboluşly stilleri, ýerine ýetiren eserleri
serginiň has-da gyzykly bolmagyny gazandy. Sergide çeperçilik akademiýasynyň
halypa mugallymalarynyň öwüt-ündewli maslahat çykyşlary alnyp baryldy. Ussat
halypalar ýaş suratkeşlere döredijilik sungatyňy dowan etdirmek, bu seniň
saýlap alan hünäriňe bolan söýgiň, şol bir wagtyň özünde dynuwsyz zähmetiň
ýatandygy barada degerli maslahatlar aýdyldy. Irginsiz çekilen zähmet her bir
ynsanyň maksatly tutumlarynyň özenidir, diýlip bellenilen sözleri ýaşlaryň
döredijilik ylhamynda täze gözlegleriň üstünde işlemegine getirer diýip
ynanýarys. Bu sergä gatnaşyjylar döredijilik
eserlerini uly gyzyklanma bilen synlap, ýaş suratkeşlerimize gutlag sözlerini
aýdyp, sungat äleminde mundan beýläkde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler.
Amangül Goçmyradowa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş”kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby