Bahar meýlisine çyksaň seýrana, Türkmen sährasynyň aldyr gülleri
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparynda bolan mahaly bahar
paslynyň gelmegi bilen, türkmen topragynyň gözelleşýändigini, şu döwürde
ýakymly howa gurşawynyň emele gelip, onuň adamlaryň täze zähmet üstünliklerine,
beýik işlere bolan höwesini artdyrýandygyny aýdyp, ýaýlalaryň gözelliginiň
ynsan uhuny göterýän täsire eýe bolandygyny belledi.
Bahar paslynyň gelmegi bilen, tebigat
täze keşbe bürendi. Muny görmäne göz gerek, taryplamaga söz gerek. Tebigatyň
gözelligi ynsan göwnüni lerzana getirýär, muny kendiriň ýüzüne geçirmek ýaş
suratkeşler üçin ýatdan çykmajak pursat boldy.
Bu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň zehinli talyplary Arkadag şäheriniň gözel künjeklerine syýahat
edip, gysga wagtyň dowamynda nakgaşçylyk eserlerini ýerine ýetirdiler. Gysga
wagta döredilen eserlerde Arkadag şäheriniň merkezinde ýerleşýän sport
toplumlaryny, Akhan binasyny hem-de
tebigatyň gözel ýerlerini görmek bolýar.