“Aşgabadym – dizaýn şäherim”
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly
Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlara
okamaga, öwrenmage, döretmäge uly mümkinçilikler bar. Ýaş talyplar bolsa öz
gezeginde ýurdumyzy ösdürmekde, tanalmaz derejede kämilleşdirmek ugrunda alnyp
barylýan işlere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Türkmen halkymyzyň milliligi, özboluşly ruhy dünýägaraýşy ýurdumyzyň
binagärlik dizaýn bezegleriniň has-da täsirli kämil derejede bolamgyna atarýar.
Aşgabat şäherimizde gurulýan her bir desganyň dizaýn bezegi döwür bilen
utgaşdyrylyp, sazlaşykly ýokary derejede ýerine ýetirilmegine uly üns berilýär.
Bu bolsa bezeg uly ussatlygy talap edýär.
Dizaýn sungaty soň ýüze çykanam bolsa, bu günki günde onuň orny orän uludyr.
Milli öwüşgünli taryhy hem-de medeni gymmatlyklary özünde jemleýän köp sanly
desgalaryň halkara derejede mynasyp ykrarnama eýe bolmagy paýtagtymyzyň
dünýädäki iň owadan şäherleriniň biridiginiň subutnamasydyr.
Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň toruna girizmek
babatynda alnyp barylýan işleriň netijesinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň sergiler zalynda “Aşgabadym – dizaýn şäherim” atly sergi açyldy.
Bu sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik” we
“Dizaýn” kafedralarynyň uçurumlary we bilim alýan talyp ýaşlary özleriniň
taýýarlan Aşgabadyň döwrebap, okgunly ösýän şäheriň täsin nusgasyny özünde
jemleýän taslama maketlerini görkezdiler. “Binagärlik” we “Dizaýn”
kafedralarynyň bilim alýan ýaş hünarmenler milli binagärligiň gadymdan gelýän
däpleri hem-de türkmenleriň ýaşaýyş-durmuşynyň aýratynlyklaryny sazlaşykly
utgaşdyryp, döwrebap bezeg çözgütleri boýunça maketdir, taslamalary ýerine
ýetirýärler. Munuň şeýledigine bolsa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň talyplarynyň binagärlik bezegleriniň taslamalary tassyklanyp
durmuşa geçirilmegi şaýatlyk edýär.
Amangül Goçmyradowa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň
2-nji ýyl talyby