Maşgala daragty

Sungat bu täsin duýgy bolup adama ruhy lezzet paýlaýar. Sungat barada söz açylanda ol özboluşly öwrümli dünýä. Ol deňi-taýy bolmaýan ullakan umman ýalydyr, onuň ne aňyrsyna ne-de bärsine gözüň ýetmeýär. 
Dürli usullarda çekilen surat sergisi halkymyzyň medeniýetini, däp-dessurlaryny we durmuşy barada gürrüň berýär. Döredijilik äleminde irginsiz zähmet çekýän tanymal suratkeş Rahman Umarow we onuň aýaly ussat keramikaçy Dilbar Umarowadyr. Olar sungat ýoluna ýaş wagtyndan girişip durmuş bilen baglanşykly ençeme belli eserleri döretdiler. 
Sungat ussatlarynyň häzirki wagtda döredijilik äleminde tutýan orny uly bolup durýar. Bilelikde zähmet çekýän nakgaşçy Rahman Umarow we keramikaçy Dilbar Umarowanyň aýry sungat serleriniň sazlaşygy uly ussatlygy talap edýär. 
2023-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň sergiler zalynda Rahman we Dilbar Umarowlaryň bilelikdäki “Sazlaşyk” atly döredijilik sergisi açyldy. Olaryň eserleri esasan oba durmuşy bilen baglanyşykly bolup serginiň täsirli bolmagyny gazandy. Ussat suratkeşiň hem-de belli keramikaçynyň eserleriniň sazlaşygyny nakgaş Rahman Umarowyň “Narly gelinler” atly eserinde keramikaçy  Dilbar Umarowanyň gelinler eserinde has aýdyň görmek bolýar. Bu sergidäki eserler türkmeniň milli gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny açyp görkezmegi adamlarda uly täsir galdyrdy.  Rahman we Dilbar Umarowlary bile okan ýoldaşlary we tanymal sungat işgärleri serginiň örän gyzykly bolandygyny belläp gutlag sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilikakademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby 
Amangül Goçmyradowa

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm