Döredijiligiň Altyn gaznasy
Türkmen milli sungaty Garaşsyzlyk döwründen şu günlere çenli biziň halkymyzyň taryhynda täze sahypany açýar. Taryh, hakykylyk, alçaklyk, myhmansöýüjilik – türkmen sungatynyň esasy alamatlarydyr. Häzirki wagta çenli döredilen sungat eserlerde türkmençilige mahsus gylyk-häsiýetini, taryhy ynsanperwerligi, türkmen tebigatyny, medeniýetiniň özboluşlylygyny duýmak bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri döredijilikli zähmet çekmek üçin görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleriň döredilen döwrüdir. Döwrüň adamsy döredijilik taýdan hem güýçlüdir, onuň täze döwri hakynda döredilen eserleri hem giň gerime eýedir. Bulary wasp etmekde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyplaryny agzamak bolýar.
Gün-günden özgerýän ýurdumyzda gündelik görýän ähli döredijilik güýjüni adamlara ýetirmek isleýän ýaş suratkeşler üznüksiz kämilleşip orta çykýandyklary munuň aýdyň mysalydyr. Döredijilik barada söz açylanda!
Döredijilik – bu ynsanyň durmuş tejribesi. Her bir işde bolsa ynsan belli bir derejede tejribe edinýär. Muny döredilen eserlerde tomaşaça doly görnüşinde ýetireninde ýüze çykýar.
Ýokarda bellenilen aýratynlyklar bu gün bir ýere jemlenip, geljekde sungat we nazaryýet kitaplarynyň altyn sahypasyny ele aldy. Ýagny, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Bagtyýar ýaşlaryň döredijilik üstünlikleri” atly sungat ojagymyzyň Altyn fondunyň gaznasyndan iň naýbaşy ýerine ýetirilen eserleriň sergisi açyldy. Sergide bagtyýar ýaşlarymyzyň watançylyk, gündelik durmuşy, gözel tebigatymyzyň, häzirki döwrümiziň ösüşleri, medeni-miras, taryhy temalardaky eserleri jemlenendir. Islendik bir eser döredilen döwri aňladýar. Ýöne, okalanda taryh bilen baglanyşdyryp, täzeçe okalýar. Sebäbi, eserleriň taryhy dowam edýär, tomaşaçy uzak wagtlap ünsüni aýyrman synlasa diýmek suratkeşiň bu işi şowna çykanlygydyr. Çünki, sungat adamsynyň esasy maksady, aýtmak isleýän zadyny tomaşaça ýetirmekdir.
Döredijiligiň Altyn gaznasyndan ajaýyp ýazylan işler tomaşaçynyň göwnünden turanlygy mälimdir.
Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň agzybirligi, asudalygy, bagtyýar ýaşlarymyzyň ylym-bilimli, watanynsöýüji, ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin edýän aladalaryna jogap edip döredilen örän agramly çeper aýratynlygy reňk çözgüdi ajaýyp jemlenen eserleriň tomaşaçysynyň köp boljakdygy diýseň begendirýär.
Öwezmyradowa Ogulsona
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby