“Hyýaldan hakykata” atly döredijilikli sergi
2023-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde abstrakt sungata bagyşlanan döredijilikli sergi açyldy. Sungatyň bu görnüşi göz öňüne getirmek esasynda ynsanyň hyýaly güýjüni aňladýar. Gündelik durmuşynda ulanylylmak bilen XX asyrda has-da ýokary derejede ösen bu sungat – gipoteza, ýagny çaklama görnüşinde döredilen eserlerdir.
Abstrakt sungatyň 3 ugruna - predmetli, predmetsiz we hyýaly görnüşlerine degişli eserleri bilen ýurdumyzyň 170-den gowrak suratkeşleri, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlary gatnaşdylar. Olardan: Çarymyrat Ýarmyradow “Öwüşginler”, Berdi Çaryýew “Maksadyňa ýetmegiň syrlary”, Berdi Hajyýew “Irki güýz”, Meret Gylyjow “Gyzykly kitap”, Oguljennet Mollaýewa “Wagt”, Azat Tuwakow “Damja”, Orazgylyç Öwezow “Jülge”, zergär Altynjemal Rejepnurowa “Goçaklar” eserleri agzamak bolar.