Döwletli maslahatyň taryhy çözgütleri

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň 21-ne ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda taryhy waka – döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky uly jemgyýetçilik syýasy çäre mejlis bolup geçdi. Bu mejlisde türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuş-şertleriniň hasam gowulandyrylmagyna, aýratynam, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň maksatly tutumlaryna bagyşlanyp taryhy wakanyň çözgütlerine garaldy. Taryhymyzyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazyljak bu şanly senä  bagyşlanyp 25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik Akademiýasynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Döwletli maslahatyň taryhy çözgütleri” atly tegelek stoluň başynda döredijilik söhbetdeşligi geçirildi. Çykyş edenler 2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň ilkinji gününde Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň dizaýn bezeg işlerine bagyşlanan döredijilik bäsleşiginde çeperçilik akademiýasynyň binagärlik kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Goçmämmet Çüriýewe Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň binalarynyň çeper dizaýn ýazgysynyň taslamasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy biziň buýsanjymyzy belende göterdi diýip bellediler. Munuň özi biziň ýaş talyplarymyzyň döredijilik mümkinçilikleriniň ösdürilmeginde döwletimiz tarapyndan berilýän ünsüň hasam ýokary derejesiniň subutnamasydyr diýip buýsançly aýtdylar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynda kabul edilen çözgütler il-ulsuň bähbidine, ýaşaýyş-durmuşymyzyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Döwletli maslahatda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri kanuny esasda ykrar edilmegi buýsanjymyzy göge göterdi diýip nygtadylar. Şeýle-de, jemgyýetimiziň dürli gatlaklaryna degişli wekilleriniň her biriniň ýürekden çykýan çykyşlarynda beýan edilen, halkymyzyň şeýle belent derejä, şeýle belent hormata diňe Gahryman Arkadagymyzy mynasyp görülýändigi hakykat diýlip bellenildi. Biz mugallymlar geljekde özümiziň asylly kärimizde  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  parasatly, paýhasly ýol ýörelgesine eýerip we taryhy maslahatyň çözgütlerini özümiziň maksatnamalarymyzda, döredijilik işlerimizde, esas hökmünde peýdalanyp, ýaşlarymyza ajaýyp döwrümizi we geljegimizi wasp edýän eserleri döretmäge uly mümkinçiligiň bolandygy barada beýan edildi. Çykyşlaryň dowamynda Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi esasynda ýurdumyzyň şäherleri, obalary düýpgöter özgerdilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagy üçin Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

Bilbil Çaryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik Аkademiýasynyň

uly ylmy işgäri

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm