Watan goragçylarynyň güni mynasybetli çagalaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň özgertmeler döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesillerimizi giň dünýägaraýyşly, dünýä ylmyna çuňňur aralaşýan şahsyýet hökmünde kemala getirmek, olaryň watansöýüjilik ruhuny belende götermek ugrundaky aladalar döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar.
2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň garamagyndaky çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň arasyndaky yglan edilen döredijilik bäsleşigi ýokary derejede geçirildi. Döredijilik bäsleşiginde sergilenen çagalaryň eserlerinde mukaddes ata-watanymyzyň beýik üstünlikleri wasp edildi. Bu sergi sungata ykbalyny bagyş eden çagajyklaryň ýerine ýetirmeginde Watan hakdaky belentden ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyp gitdi. Döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolan ýaşajyk sungat ussatlary Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň hormat hatlary şeýle-de, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň uly ylmy işgäri