«Arkadag şäheri - döwrümiziň binagärlik sungatynyň döwrebap merkezidir» atly dabaraly maslahat geçirildi
Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň şäher gurluşygynyň tanalmaz derejede döwrebaplaşdyrylýan çeper keşbi barada çykyşlar boldy.
Häzirki günde Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri döwrümiziň binagärlik sungatynyň döwrebap merkezine öwrüldi. Bu ajaýyp şäheriň dizaýn bezeg işlerine ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary hem özleriniň döredijilik işleri bilen gatnaşyp Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň minnetdarlygyna mynasyp bolýarlar.
Ynha, düýn Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Goçmämmet Çüriýewe Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň binalarynyň çeper dizaýn ýazgysynyň taslamasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Çykyş edenler ýaşlarymyzyň zehin-başarnyklaryna aýratyn üns berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan sag bolsunlaryny aýtdylar.