“Bagtyýarlyk döwrümiziň döwrebap şäheri” atly hoşallyk maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:
– Täze eýýamda Berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ähli ugurlar boýunça ykdysady ösüşleri ägirt uly öňegidişlikleri gazanmaga gönükdirilen işleri alyp barýarys.
Täze ýylyň öňüsyrasynda täze-täze wakalar, habarlar türkmen halkynyň ýadyndan çykmajak pursatlara beslendi. Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň “Arkadag şäheri” diýlip atlandyrylmagy hem şeýle wakalaryň biridir.
2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine etrap hukukly şäher derejesiniň berlip, onuň “Arkadag şäheri” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýokary okuw mekdebinde “Bagtyýarlyk döwrümiziň döwrebap şäheri” atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Arkadag şäherinde bina edilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlaryň binagärlik keşbiniň çeper çözgüdiniň aýratynlyklary, şäheriň täze görnüşdäki dizaýn işleri bilen ýerine ýetirýändiklerini aýratyn belläp öz hoşallyklaryny bildirdiler.