Azat Annaýewyň şahsy döredijilik sergisi açyldy

2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň ahyrlap barýan günlerinde ýurdumyzda toýdur-baýramlar yzygiderli dowam edýär. Şol sanda Türkmenistan Watanymyzda sungata belent sarpa goýulýar hem-de ussat suratkeşler tarapyndan döredilen ajaýyp sungat eserlerini dünýä ýaýmakda sungaty öwreniji halypa mugallymlar tarapyndan uly işler amala aşyrylýar. Şeýle ussat sunagty öwreniji halypalaryň biri, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň uly mugallymy Azat Annaýewiň dekabr aýynyň 19-na Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sunagty muzeýinde şahsy döredijilik sergisi gurnaldy. Bu sergide halypa mugallymyň akwarel boýagynda ýerine ýetiren surat eserleri hem-de sungatdaky suratkeşleriň döredijiligi baradaky ýazan kitapçalary sergilendi. Sergide görkezilen her bir aýry eserler oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm