“Milli nagyş sungatynyň çeper dili” atly gepleşik geçirildi

Günsaýyn galkyn döwletimiz sungat äleminde täze sahypany açýar.  Türkmenistan ýurdumyz türki halklary bilen ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklary netijesinde medeni ulgamlarda-da has-da netijeler gazanylýar.

   Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenanlarynyň gatnaşmagynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Zenanlaryň Dialogy geçirildi. Üç döwletiň zenanlaryň arasynda özara bähbide ýugrulan gepşelik diňe dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň öňe sürülýändiginden aýdyň mysaldyr.

  Munuň özi üç ýurduň däp-dessurlaryna, medeniýetine we sungatyna oňat düşünmegine ýol açýar. Halkyň özboluşly çeper däpleri biri-birleriniň sungatynda öz beýanyny tapjakdygy diýseň begendirýär. Çuň many-mazmuna eýe bolan Zenanlaryň dialogy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Milli nagyş sungatynyň çeper däpleri” atly gepleşik geçirildi. Söhbetdeşlige “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy Maýa Halykberdiýewa, “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Çaryýewa, Arzygül Gotdaýewa, “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Aýgözel Esenowa we sungat ojagymyzyň talyplary gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde amaly-haşam sungatynda döredilýän eserlerde milli nagyşlaryň waspynyň kämil görnüşinde ýetirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berildi.

Ogulsona Öwezmyradowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm