Ýaş suratkeşiň halkara üstünligi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşçylyk kafedrasynyň zehinli talyby Atajan Atajanow internet arkaly geçirilen halkara döredijilik bäsleşigine gatnaşyp ýeňiji boldy.

    1-nji ýyl talyp Atajanow Atajan Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ösüş halkara ylmy merkezi tarapyndan guralan «World of science 2022» halkara ylmy işleriň bäsleşigine «Beýik Seljuklar türkmen döwletiniň medeniýeti» atly eseri bilen gatnaşdy. Talyp öz ylmy işinde Beýik Seljuklar türkmen döwletiniň binagärlik ýadygärlikleri hakynda söhbet açýar. Munuň özi türkmeniň taryhynyň baýdygyny görkezýär.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm