ARKADAGLY ZAMANYŇ GUJURLY ÝAŞLARY

2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormaty Prezidentimiziň yglan eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy, medenýetimizi, şekillendiriş sungatymyzy ösdürmekde ençeme işler durmuşa geçirilýär.

    Häzirki döwürde öz taryhyňy, nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlaryňy bilip, onuň ösüşini dowam etmek mümkindir. Bu nukdaýnazardan ugur alyp şu ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Halkyň Arkadagly zamanasynyň gujurly ýaşlary-2022” atly uçurymlaryň we talyplaryň arasynda döredijilik işleriniň bäsleşik sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu bäsleşige sungat ojagymyzyň iň zehinli talyplary işjeň gatnaşdylar. Bäsleşikde Türkmenistanyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungat ugurlaryna (haly, zergär, keramika) bagyşlanyp döredilen birnäçe ajap eserler halka ýetirdiler.

    Ýaş suratkeşler hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän uçurymlar biziň türkmen milliligimizi, däp dessurlarymyzy, tebigatymyzyň gözelligini, ajaýyplygyny wasp edýän döredijilikli işleri bilen bu basleşikde öz gujur gaýratlaryny açyp görkezdiler.  



 



Ogulsona Öwezmyradowa

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm