Suratkeşler birleşigi. Suratkeş Annadurdy Almämedowyň ýubeleý sergisiniň açylyşy
Türkmenistanyň şekillendiriş sungatyna uly goşant goşan, Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Alamamedowyň döredijilik ýoly ýaşlykdan başlady. Arassa zähmet onuň içki zehinini açmaga kömek etdi. 2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň noýabr aýynyň 21-ine Türkmenistanyň çeperçilik sergiler müdürliginde halypanyň 85 ýyllyk ýubileý sergisi açyldy. Sergide ussadyň döredijilik ýoluny açyp görkezýän iň oňat eserler görkezilýär. Bu ýerde suratkeşiň döreden peýzaž eserlerine, galyberse-de haýran galdyryjy daglaryna, dogduk topragyň ajaýyp tebigatyny synlap bilersiňiz. Şeýle hem serginiň açylyşynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işleri boýunça prorektory sungaty öwreniş ylmynyň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradowyň ýerine ýetirmeginde, ömrüni şekillendiriş sungatyna bagyş eden Annadurdy Almamedowyň täze katalogy görkezildi. Türkmenistanyň Halk suratkeşi A. Almamedowyň 85 ýyllygy mynasybetli döredilen kitapda sungaty öwrenijileriň garaýyşlary esasynda döredijilik ýolunyň dünýewi we pelsepe pikirleri beýan edilýär.
Annadurdy Almamedow diňe bir ussat bolman, eýsem öz döwründe sungat işgärlerine öwrülen ýaş suratkeşleri terbiýeleýän beýik terbiýeçi bolup durýar. Onuň döredijiligi türkmen milli sungatynyň taryhy hazynasyna öwrülmeginiň ajaýyp subutnamasydyr.
Akgözel Gurbanowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby