Bäsleşik sergi
Eziz Diýarymyzda ýaş nesliň bilimli-sowatly, öz saýlap alan hünäriniň eýesi bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär. Şeýle-de dünýä derejesinde dürli maksatly çäreler geçirilip, olarda özara pikir alyşmak, tejribe toplamak, dünýägaraýşyňy giňeltmek ýaly wezipelere aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary, berk bedenli, sagdyn, geljekki durmuşa taýýar, düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmekleri barada uly işler alynyp barylýar. Mekdep okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmek hem-de olaryň ýangyn howpuna garşy bolan raýatlyk borçlaryna düşünjesini artdyrmak maksady bilen “Ýangyn howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ýerine ýetirilýär. Ýagny, “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen, 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň 9-na Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlyk gullugynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, “Güneş” žurnalynyň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport Federasiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Aşgabat şäheriniň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň, 2-nji çagalar çeperçilik medebiniň, 6-njy we 7-nji çagalar sungat mekdebiniň hem-de beýleki welaýatlaryň çagalar çeperçilik mekdeplerinde okaýan ýaş suratkeşleriň arasynda “Ýurt abadan – il bagtyýar” atly bäsleşikli serginiň açylyş dabarasy boldy.
Döredijilik eserleriniň bäsleşiginde ýeňiş gazanan okuwçylary Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan diplomlar we jemgyýetçilik guramalarynyň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.
Ogulsona Öwezmyradowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby