Döredijilik sungatyndan egsilmez ylham alýan doganlar
Adamzadyň ýaşaýyş durmuşynda şekillendiriş sungaty aýratyn orun tutýar. Çünki şekillendiriş sungatynda ýaşaýyş bar. Şol ýaşaýyş – ruhy baýlykdyr. Ruhy baýlyk – ynsana gözellik dünýäsini açýar.
Türkmen şekillendiriş sungatynyň döreýiş taryhyndan bu güne çenli belli ussat suratkeşleriň ençemesi agramly döredijiligi bilen yz goýdular. Ussatlaryň döreden sungat eserleri bolsa, häzirki günde beýik derejä ýetdi. Olaryň ählisiniň döredijiliginde ýaşan döwrüni açyp görkezýän watançylyk duýgularyna ýugrulan eserlerinde döwrebap türkmen halkynyň durmuşy wasp edildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň şekillendiriş sungatynda giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy. Sungatda gazanylan uly üstünlikler medeniýet we döredijilik işgärlerini kämil eserleri ýazmaga ruhlandyrdy. Döredijilik sungatyndan egsilmez ylham alýan doganlar, belli tanymal nakgaş Saparmämmet Meredow bilen ussat heýkeltaraş Artyknazar Meredowdyr. Olar bütin ömrüni sungata bagyş edip, saýlan hünärlerinde söýgi bilen zähmet çekdiler. Tükeniksiz zähmet ýolunda ençeme ajaýyp eserleri döretdiler.
Ussatlaryň ýerine ýetiren nakgaşlyk hem-de heýkeltaraşlyk eserleri häzirki günde şekillendiriş sungatynyň sahypalarynda öz mynasyp ornuny tapdy. Şekillendiriş sungatynyň taryhynda Saparmämmet we Artyknazar Meredowlaryň döredijiligi giň gerimliligi bilen türkmen medeniýetini wasp etmekde aýratyn ornunyň bardygyny bellemeli.
2022-nji ýylyň noýabr aýynyň 4-ine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Saparmämmet Meredowyň we Artyknazar Meredowyň döredijiligine bagyşlanan sergi açyldy. Döredijilik sergisi giň mazmunlylygy bilen türkmen dünýäsiniň gözel keşbini emele getirdi.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri