Türkmen alabaý baýramy bilen hormatly Prezidentimizden sowgat alanlary gutlamak dabarasy

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli yglan edilen türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça yglan edilen döredijilik bäsleşiginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň  zehinli talyplary özleriniň naýbaşy eserleri bilen işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Onda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aşyrgeldi Gutlyýew “Türkmen alabaýlary kalendary” atly neşir işi, “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Serdar Jumaýew “Edermen türkmen alabaýy” atly heýkel eseri, şeýle hem “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Grafika” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Myratberdi Jumaýew “Türkmen alabaýy” atly nakgaş eseri üçin hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp boldular.
     “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda oktýabr aýynyň 31-ne türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli hormatly prezidentimiziň baýragyna mynasyp bolup, tapawutlanan talyplara Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň Galkynyşlar jaýynda gutlamak dabarasy geçirildi. Bu dabara çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary gatnaşdylar hem-de ýeňijilere Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp bolandyklary we ýokary okuw mekdebimiziň abraýyny has-da belende galdyrandyklary üçin özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Gülşat Annaseýidowa,
“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby


Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm