Wepadarlygyň hem-de ynamdarlygyň keşbi janlandy

Ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklarymyzyň ýokary derejede sarpalanýan zamanasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň döreýiş we ösüş taryhyny, özboluşly milli aýratynlyklaryny, terbiýeçilik we umumadamzat ähmiýetini öwrenmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler täze rowaçlyklara beslenýär.

Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzyň milli senenamasynda orun alan iň täze baýramlaryň biridir. 2021-nji ýylda bu sene ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenildi. Bu ýyl bolsa, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda, ol ilkinji gezek aýratyn baýram hökmünde bellenilýär.

Oktýabr aýynyň 30-na Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynda  milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda guralan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçirilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli yglan edilen türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça yglan edilen döredijilik bäsleşiginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aşyrgeldi Gutlyýew “Türkmen alabaýlary kalendary” atly neşir işi, “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Serdar Jumaýew “Edermen türkmen alabaýy” atly heýkel eseri, şeýle hem “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Grafika” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Myratberdi Jumaýew “Türkmen alabaýy” atly nakgaş eseri üçin hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp boldular.

Şa serpaýyňyz gutly bolsun, mähriban talyplar!

Leýli Şyhlyýewa,

“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň

“Jemgyýeti öweniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm