Watanymyzyň Garaşsyzlygy – halkymyzyň bagtyýarlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan döwletimizde gündelik bolup geçýän taryhy wakalar döwrümiziň döredijilik ruhuny açyp görkezmek bilen, asuda asmanymyzyň astynda parahat zeminimiziň üstünde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň höküm sürýändigi dabaralandyrylýar.
     Ynha, şeýle wakalaryň biri-de 2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ilkinji Zenanlar guramasy bilen bilelikde “Watanymyzyň Garaşsyzlygy – halkymyzyň bagtyýarlygy” atly maslahatda şöhlelendirilýär. Maslahata dürli kärlerde zähmet çekýän ýurdumyzyň göreldeli zenanlary talyp ýaşlar bilen duşuşdylar. Türkmenistanyň halk artisti, aýdymçy Zylyha Kakaýewa, Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy, şahyr Gülşirin Hanowa, Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatrynyň artistleri Şemşat Kasymowa, Dilşat Meläýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Aýjemal Çaryýewa, akademiýanyň mugallymy, ilkinji Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Jemal Toryýewa we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň başynda Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il ähmiýetli ýurt bähbitli işleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleri, özgertmeleri, Watana il-ulusa wepaly ýaşlary terbiýelemek, zenan mukaddesligi, Garaşsyz döwletimizde ylym-bilim we beýleki ugurlarda bolşy ýaly sungatda hem gazanylan üstünlikler ündelip geçildi. Şeýle-de, maslahatda ýurdumyzyň ösüşi, milli mirasymyzy, jemgyýetiň ruhy baýlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, gadymy nusgalary ýüze çykarmak bilen bir hatarda täze döwrebap nusgalary oýlap tapmak, döretmek, hasaba almak, aýap we gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek barada aýdyldy. Şeýle-de talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren milli we döwrebap sungat eserleri bilen içgin tanyşdylar. Zenanlarymyzyň beren gürrüňleri talyp ýaşlar üçin örän gyzykly bolup olarda uly täsir galdyrdy.
     “Watanymyzyň Garaşsyzlygy – halkymyzyň bagtyýarlygy” atly maslahatyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowa özleri üçin döredilip berilýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini beýan etdiler.
Taňrygulyýewa Gülnabat,
“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň,
“Sungaty-öwreniş kafedrasynyň” talyby








Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm