Türkmeniň buýsanjy – Alabaýy

Türkmen halkynyň baý medeni mirasy we gymmatlyklary bolup, taryhda dünýäniň medeni gymmatlyklaryna kämil mirasy peşgeş beripdir. Olaryň arasynda türkmen alabaýynyň gymmaty has tapawutlydyr. Ynsanyň wepaly ýoldaşy, hemaýatkäri hasaplanýan alabaýyň idegi ýetirilende oňa birnäçe möjegiň hötdesinden gelmegi başarýan gaýduwsyzlyk hökmünde garalýar.

    Türkmen halkynyň şeýle baý taryhy, gymmatly mirasy elbetde häzirki günlerimizde dünýä taryhynda hem öz mynasyp ornuny tapýar. Ýurdumyzda gymmatlyklarymyzy häzirki günde aýap saklamak, olaryň at-abraýyny dünýä ýaýratmakda uly işler alnyp barylýar.

    Ýurdumyzda türkmen alabaýy bilen baglanyşykly maslahatlar, sergiler, olaryň gözellik bäsleşikleri we beýleki halkara çäreler hem-de ylmy işler yzygiderli geçirilýär. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesi türkmen alabaýynyň baýramy diýlip bellenilmegi hem munuň aýdyp subutnamasydyr. Bu baýramçylyk bilen baglanyşykly 2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda türkmen alabaýlarynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi gurnaldy. Bu bäsleşikde ýeňiji bolanlara bolsa Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşygynyň we Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Ýeňiji bolan we höweslendiriji baýraga mynasyp bolan gatnaşyjylaryň döredijiligi biri-birinde tapawutly bolup, olarda suratkeşleriň türkmen gymmatlygyna we öz hünärine bolan hormatyny, söýgüsini görmek bolýar. Şeýle döredijilik bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi bolsa türkmen halkynyň gymmatlyklarynyň galyberse-de, sungatynyň medeniýetiniň has baýlaşmagyna ýol açýar.

    Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň türkmen alabaýlarynyň sanyny mundan beýläk-de köpeltmek, ýaýratmak we wagyz etmek babatda netijeli halkara gatnaşyklary ýola goýmakda öňde goýan wezipelerini çözmäge itergi berýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

mugallymy Hojageldiýewa Bagtygül

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm